Iň täze habarlar

Azerbaýjanda keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji gezek halkara maslahat geçiriler

14.09.2023 | 15:28 |
 Azerbaýjanda keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji gezek halkara maslahat geçiriler

Keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji halkara maslahat Azerbaýjanda geçiriler. Bu başlangyç Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň dolandyryş mejlisinde makullandy.

Bu boýunça gazna gelip gowşan 88 arzanyň 56-sy bu maslahatyň Azerbaýjanda geçirilmegini goldapdyr. Şeýlelikde, Russiýanyň ylym şäheri Dubna ýaş alymlary jemlese, Azerbaýjanda, Täjigistanda we Özbegistanda GDA-nyň çäklerinde şu ýylyň Meýletinçiler ýyly diýlip ygaln edilmegi mynasybetli dürli çäreler geçiriler.

Samarkant şäheri geljek ýyl GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dürli çäreleri gurar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň dolandyryş mejlisi Arkalaşygyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň çäklerinde geçirildi.

ORIENT news

Foto: emilia-spanish.ru

Şeýle hem okaň: