Turan düzlügi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
21.09.2023 | 11:26 |Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerini tutýan Turan düzülügi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt Guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisinde kabul edildi.
Komitetiň gelen çözgüdine laýyklykda Türkmenistanyň çägindäki Berketli Garagum, Gaplangyr we Repetek tebigy goraghanalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
3 goňşy ýurduň çäklerine degişli bu düzlük degişli sanawa “Turan düzlüginiň sergin howaly gurşawy” ady bilen Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Turan düzülüginde gaýtalanmajak tebigy gözellikler, düzlükler, takyrlar, dagly we gaýaly ýerler bar. Ol sergin howaly düzlük hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen ilkinji tebigy gurşawdyr. Bu gurşawda tebigy gözellikleri goraýan birnäçe seýilgähler we goraghanalar bar.
Turan düzlügi gaýtalanmajak tebigy gurşawy öz içine laýar. Bu ýerde seýrek duş gelýän janly-jandarlar we ösümlik görnüşleri duş gelýär. Olaryň köpüsi bolsa, diňe şu sebitde ýaşaýar we ösýär. Şeýle hem bu sebitde dermanlyk we ýakymly ysly ösümlik görnüşleriniň köpsanlysy ösýär.
Turan düzlüginiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi halkara jemgyýetçiliginiň tebigy baýlyklary goramak boýunça habarlylygyny ýoarlandyrar. Şeýle hem, ol gatnaşyjy döwletleriň tebigat boýunça ylmy-tejribe işlerine ýardam berer.
ORIENT news