Türkmenistan tokaý hojalygy boýunça Hytaýda geçirilen ministrler maslahatyna gatnaşdy
16.09.2023 | 15:51 |Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy. Oňa şeýle hem, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat tokaý hojalygy babatynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar sebitiň tokaý ekoulgamyny goramak, gurak sebitlerde ösümlik gatlagyny baýlaşdyrmak we çölleşäniň öňüni almak babatda özara pikir alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Duşuşykda 2023 – 2025-nji ýyllarda Uly Merkezi Aziýada tokaý hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň mehanizminiň Hereketler meýilnamasy kabul edildi. Ol syýasy gepleşikler we maglumat alyşmak arkaly sebitde tokaýlaryň we batgalyklaryň dikeldilmegine ýardam bermegi göz öňünde tutýar.
ORIENT news