Özbegistanda “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy
03.01.2025 | 16:30 |Özbegistanda Oliý Mažlis Senatynyň umumy mejlisinde ýurduň älem ulgamyny düzgünleşdirmekde möhüm ädim bolan “Älem işi baradaky” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.
Bu Kanun älem işiniň umumy düşünjelerini we ýörelgelerini, şeýle hem bu babatda döwlet syýasatynyň maksatlaryny we ugurlaryny kesgitleýär. Onda dürli döwlet edaralarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň we Sanly tehnologiýalar ministrliginiň, şeýle-de Älem barlaglaryň we tehnologiýalaryň agentligi ýaly garamagyndaky kärhanalaryň ygtyýarlyklary göz öňünde tutulan.
Bu Kanun dürli meseleleri, şol sanda älem giňişliginiň ylmy barlaglary, Ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak, älem monitoringi we aragatnaşyk ulgamlary ýaly meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de onda älem infrastrukturasynyň howpsuzlygy, älem obýektleriniň galyndylaryny gaýtadan ulanmak we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine garalýar. Kanunyň kabul edilmegi Özbegistanda älem işiniň binýadyny döretmäge mümkinçilik berer, bu bolsa tehnologiýalaryň ösmegine hem-de munuň ýaly strategiki wajyp pudaga maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berer.
ORIENT news