Iň täze habarlar

Marokkoda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy

03.01.2025 | 13:33 |
 Marokkoda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Marokkoda üýtgeşik tebigy hadysa bolup geçdi: ýurtda 50 ýylyň içinde ilkinji gezek gar ýagdy diýip, Maghreb Arabe Press habar berýär.

Bu hadysa Azilýal, Beni-Mellýal, Ifran, Midelt, Tarudant, Tanžer, Uarzazat we El-Hauz ýaly welaýatlarda bolup geçdi. Käbir ýerlerde gar örtügiň beýikligi ýarym metre çenli ýetdi. Milli meteorologiýa merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, şeýle üýtgeşik tebigy şertleriň sebäbi Demirgazyk Ýewropadan gelen sowuk atmosfera hereketi bolup, gyzgynlyk derejesiniň ep-esli ýagdaýda peselmegine we köp mukdarda garyň ýagmagyna getirdi.

Dag sebitlerinde gyzgynlyk derejesi Selsiý boýunça -5 gradusa çenli peseldi. Ýerli häkimiýet raýatlary seresap bolup, ýylanmak üçin ätiýaçlyk oduny alyp goýmaklaryna çagyrdy. Bu hadysa demirgazyk afrikan ýurdy üçin seýrek duş gelilnýän täsinlik bolan gara bürenen palmalary we jülgeleri syn etmäge gelen köpsanly syýahatçylary özüne çekdi. Ýerli ýaşaýjylar lyžada, snoubord we sanki enjamynda aýlanmak üçin Marrakeşden bary-ýogy bir sagatlyk ýol aralygynda ýerleşen Ukaýmden dag-lyža ýerine ugrady.

ORIENT news

Foto: tv6.live

Şeýle hem okaň: