Iň täze habarlar

Analitik garaýyş: Türkmenistan bilermenler aragatnaşyklaryny ösdürýär

03.01.2025 | 02:15 |
 Analitik garaýyş: Türkmenistan bilermenler aragatnaşyklaryny ösdürýär

Gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi ýurduň daşary syýasat başlangyçlaryny işläp düzmek, seljermek we öňe sürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Merkez 2021-nji ýylda döredilen gününden bäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, aragatnaşygyň geografiýasyny giňeltmekde we sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, energetika, suw we ulag diplomatiýasynyň meselelerine bagyşlanan esasy forumlara gatnaşmakda möhüm üstünlik gazandy.

Merkeziň Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde strategiki çemeleşmeleri, geçen ýyl haýsy wakalaryň bolup geçendigi we gelejekde nämeleriň meýilleşdirilýändigi barada, TDIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň müdiri Şiri Şiriýew bilen söhbetdeş bolduk.

03012024-turkmenistan-ekspert (4).JPG

Şiri Akoýliýewiç, Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň esasy wezipesi näme we sebitdäki beýleki seljeriş merkezlerden nähili tapawutlanýar?

– Biziň Merkezimiziň esasy wezipesi, halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman çagyryşlara laýyk gelýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge konseptual çemeleşmeleri işläp düzmekden ybaratdyr. Biz halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ylmy we seljeriş dialogyny çuňlaşdyrmaga we Merkezi Aziýada we onuň daşynda howpsuzlygy we durnukly ösüşi öňe sürýän başlangyçlary goldamaga çalyşýarys.

Merkeziň haýsy netijelerini belläp bilersiňiz?

– Möhüm netijeleriň biri biziň hyzmatdaşlygymyzyň çäginiň giňeldilmegi boldy. Geçen bir ýarym-iki ýylyň içinde sebitimizdäki, Azerbaýjan, Türkiýe, GDA we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndaky öňdebaryjy seljeriş merkezleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýduk. Daşkentdäki Merkezi Aziýanyň Halkara instituty, Gazagystanyň Strategiki barlaglar instituty, Täjigistanyň Strategiki barlaglar merkezi we beýleki abraýly barlag institutlary bilen birnäçe resminamalara gol çekdik.

Mundan başga-da, bilermenlerimiz “Merkezi Aziýa + Hytaý”, “Merkezi Aziýa + ÝB”, “Merkezi Aziýa + Koreýa”, Türki Döwletleriň Guramasy we şuňa meňzeş formatdaky çäreleri öz içine alýan halkara forumlara işjeň gatnaşdylar.

03012024-turkmenistan-ekspert (6).JPG

Merkezi Aziýa dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha köp özüne çekýär. Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyndaky ornuna nähili baha berýärsiňiz?

– Türkmenistan, esasanam ýokarda ady agzalan “MA +” formatdaky sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Bu format howpsuzlygy, durnukly ösüşi we ykdysady taslamalary öňe sürmek ýaly umumy meseleleriň çözülmegine goşant goşýar.

Türkmenistan energetika we ulag taslamalaryny bilen bir hatarda parahatçylyga we durnuklylyga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ýagdaýda öňe sürýär. Sebitiň durnuklylygyny, durnukly ykdysadyýeti, tebigy serişdeleri, ulag mümkinçilikleri, köptaraply hünärmenleriň mümkinçiligi we geosyýasy ýagdaýy sebäpli Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görýäris. Bu ýagdaýda kärdeşleriň aragatnaşyklary giňeýär we işjeňleşýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda Polşanyň we Italiýanyň ugurdaş merkezleriniň hünärmenleri biziň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezimize baryp gördüler.

Ýakyn ýyllarda Merkeziň seljeriş işi üçin haýsy ugurlaryň ileri tutulmaly diýip hasaplaýarsyňyz?

– Syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, halkara başlangyçlaryň seljermesi we ählumumy gün tertibinde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategiýalary işläp düzmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýar. Biz hyzmatdaşlar bilen ylmy dialogy çuňlaşdyrmagy, ählumumy çagyryşlaryň çözgütleriniň işlenip düzülmegine gatnaşmagy we durnukly ösüş, energiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça seljeriş işlerimizi güýçlendirmegi meýilleşdirýäris.

03012024-turkmenistan-ekspert (3).JPG

Merkez halkara guramalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen nähili aragatnaşyk saklaýar?

– Biz BMG, ÝHHG we beýleki halkara gurluşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarys. 2022-nji ýylyň dekabrynda, sebitdäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegi, suwdan peýdalanmak, azyk howpsuzlygy we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolan 5-nji Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysallaryň biridir. Biz bu forumy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardamy bilen gurnadyk.

2024-nji ýylyň maý aýynda biziň wekiliýetimiz seljeriş merkezleriniň, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň we ÝB-niň degişli guramalaryň wekilleriniň Daşkentdäki duşuşyga gatnaşdy. Bu çäre, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň 2-nji duşuşygynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda gurnaldy.

Şeýle hem, biziň seljeriş maglumatlarymyz Türkmenistanyň garaýyşyň we tejribesiniň halkara giňişlikde ýaýramagyna goşant goşýan ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edilýär

ORIENT web sahypasy bilen netijeli gatnaşygymyzy belläp bilerin, muny birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän biziň üstünlikli bilelikdäki media taslamamyz diýip atlandyryp bileris. Geçen 2024-nji ýyl, bu taslamanyň çäginde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara wakalarynyň mowzuklarynda birnäçe giňişleýin maglumatlaryň, reportažlaryň we serljeriş synlaryň birnçäsi çap edildi.

03012024-turkmenistan-ekspert (14).jpg

Olaryň birnäçesi belläp geçeýin: Duşenbede, Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk meseleleri boýunça sebitleýin bilermenleriň duşuşygy, Özbegistanyň Termez şäherinde, “Merkezi Aziýa we Owganystan: Umumy geljege garaýyş” atly halkara tegelek stol, Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň , seljeriş merkezleriniň 1-nji forumy, “Merkezi Aziýa – Hytaý», seljeriş merkezleriniň IV forumy, Daşkentdäki, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi: howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze tertibi”, Astanadaky 7-nji Merkezi Aziýa bilermenler forumy...

Mundan başga-da, ORIENT sahypalary goňşy ýurtlardaky seljeriş merkezlerinden hyzmatdaşlarymyzyň makalalaryny çap edýär.

Halkara wakalaryň çäginde 2025-nji ýyl Merkeziňiz üçin nämeden başlaýar?

– Ýakyn geljekde, ýanwar aýynyň ortalarynda, Merkezi Aziýada täze görnüşli psihaktiw maddalaryň bikanun söwdasyna garşy göreş meselelerini seljermek üçin sebitleýin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyga gatnaşarys.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar instituty Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýanyndaky Neşe serişdelerine gözegçilik milli merkezi bilen billelikde hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekilhanasy bu forumyň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler. Duşuşygyň gün tertibinde Merkezi Aziýada täze psihaktiw maddalarynyň ýaýradylmagynyň we ulanmagyň häzirki tendensiýalaryny, şeýle hem olara garşy görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Umuman aýdanyňda, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň DIM-niň HGI-iň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň üçin baý mazmunly döwür boljakdygyny wada berýär. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirip, Merkez, sebit we ählumumy meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak isleýär, hem-de suw we energiýa çeşmeleri, ulag-logistika ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki çözgütleri tapmaga, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde bu ýurda kömek bermeklige aýratyn üns berýär.

03012024-turkmenistan-ekspert (5).JPG

Strategiki seljeriş we amaly teklipleri işläp düzmäge gönükdirilen Merkeziň işi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegine we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu, seljeriş baglanyşyk hökmünde biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň parahatçylykly we döredijilikli syýasatlaryny halkara giňişlikde öňe sürmekde möhüm orun eýeleýändigini ýene bir gezek nygtaýar.

Şiri Akoýliýewiç, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň işi barada giňişleýin gürrüň bereniňiz üçin sag boluň.

Bekdurdy AMANSARYEW

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: