Tokaýew: Türki Döwletleriň Guramasynyň agzalarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 45 mlrd dollardan geçdi
04.01.2025 | 09:55 |“Ана тiлi” hepdelik gazetine beren gürrüňdeşliginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agzalarynyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 45 mlrd dollardan geçendigi barada belledi.
Bu üstünlik soňky on ýylyň dowamynda gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň netijesi boldy. Tokaýew Gazagystanyň energetika, senagat, oba hojalyk we sanlylaşdyrmak ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýet bermek bilen, ähli türki halklarynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermek işini dowam etjekdigini belledi.
Gazagystanyň TDG-de başlyklyk etmekliginiň çäklerinde gerimli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, 80-den gowrak çäreler guraldy, şeýle hem bilim we akademiki edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň arasynda ýakyn aragatnaşyklar ýola goýuldy.
Astanada V Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçirildi. Kasym-Žomart Tokaýew 8 sany ileri tutulýan ugurlary öz içine alýan TURKTIME şygary barada hem ýatlatdy: Däpler (Traditions), Bir nusgalyk (Unification), Özgertmeler (Reforms), Bilim (Knowledge), Ynam (Trust), Maýa goýum (Investments), Mediasiýa (Mediation) hem-de Energiýa (Energy). Bu ugurlar TDG ýurtlaryndan daşary beýleki türki bileleşigi tarapyndan hem oňaýly kabul edildi.
ORIENT news