Iň täze habarlar

2025-nji ýylyñ syn etmeli asman hadysalary

03.01.2025 | 19:05 |
 2025-nji ýylyñ syn etmeli asman hadysalary

Ýetip gelen 2025-nji ýylda professional astronomlar adaty höwesjeñlere ýyldyzly asmanda birnäçe täsin asman hadysalary synlamagy maslahat berýärler.

Şu ýylyñ astronomik senenamasynda iki tutulmalaryñ seneleri - bir aý we bir gün tutulmalary hem-de yzly-yzyna üç gezek doly aýyñ ýa-da täze aýyñ Ýere ýakyn nokadynda bolup onuñ gabat geliş seneleri hasaplanyldy. Mundan başga-da, täze ýylda meteor akymlary we demirgazyk şapagy bolar, olaryñ ýygylygy we depginliligi gün işjeñliginiñ ösmegi bilen ýokarlanar.

2025-nji ýylyñ ilkinji meteor akymy

Hemişeki bolşy ýaly, ýanwar aýy planetamyza her ýylda düşýän iñ güýçli akymlarynyñ biri bolan Kwadrantidalar meteor akymynyñ uçguny bilen başlandy. Ol özüniñ iñ ýokary derejesine 3-nji ýa-da 4-nji ýanwarda ýetip, soñra bolsa peselip ugrar.

Meteorlar ("peselýän ýyldyzlar" diýlip hem atlandyrylýar) bu asman jisimleriniñ bölekleri bolup, olar ýokary tizlikde (70 km/sek) Ýeriñ atmosferasyna aralaşyp, ägirt uly sürtülme netijesinde şol bada ýok bolup, gijeki asmanda aýdyñ çyzyklary goýýarlar.

Kwadrantidalar meteor akymy depginliliginiñ ýokary derejesinde hakyky ýyldyzlaryñ kön süýnmegini üpjün edip bilýär. Şunda bir sagadyñ dowamynda asmanda 120-ä golaý meteor geçip bilýär.

Kwadrantidalar öz adyny Diwar Kwadranty atly gadymy ýyldyzlar toplumyndan alyp gaýdýar. Astronomlar bu gadymy ady öñden bäri ulananoklar. Hut şol ýerde gögemtil we solgun sary çyzyk yzlaryny goýýan meteorlar akymy aýdyñ göründi.

Ony öz gözi bilen görmek isleýänler, gowusy islendik ýagtylyk çeşmelerinden daşrak durmaly (ýylyrak geýinmek maslahat berilýär) we gözüñ gijeki asmanyñ garañkylygyna öwrenişer ýaly 25 minut gerek bolar. Syn etmek üçin teleskop gerek bolmaz, bulutsyz howa bolsa esasy şertdir. Bütinleý aýdyñ gijeki asman şertlerinde hem ýeterli derejede sabyr etmeli bolar.

Atlantikada Günüñ tutulmasy

29-njy martda Günüñ, Aýyñ we Ýeriñ bir çyzyga hatara düzülen wagty Günüñ tutulmasy bolup geçer. Günüñ we planetamyzyñ arasyndan geçip, Aý belli bir wagtyñ dowamynda onuñ öñüni ýapyp, ýer ýüzüniñ bir bölegi garañkylyga batar. Kanadanyñ günorta-gündogar böleginiñ ýaşaýjylary üçin tutulma dolulygyna görüner, galan sebitlerde ol bölekleýin ýa-da hiç görlülmedik ýagdaýda galar.

Britaniýada tutulmanyñ ýokary derejesinde gün tegeleginiñ üçden bir böleginiñ öñi tutular, edil onuñ bir bölejigini biri dişlän ýaly bolup görner. Bilermenler tutulmanyñ iñ ýokary ýagdaýynda hem Güne seretmek görejilikden galmaga getirip bilýändigini ýatladyp, oña garañkyladylan güne garşy linzalar arkaly seretmegi maslahat berýärler.

Doly Aý tutulmasy

7-nji sentýabrda bolup geçjek Aý tutulmasy bolsa Russiýanyñ ähli çäginde diýen ýaly görünip, dowamly bolar.

Meselem, Moskwadan seredeniñde aý tegelegi biziñ planetamyzyñ kölegesinde umumylykda bäş sagat geçirer. Takmynan 1,5 sagadyñ dowamynda hemramyz görünmez: tutulma doly ýagdaýda bolup geçer.

Aý tutulmasynyñ görünmegi üçin asman, elbetde, bulutsyz bolmaly. Synlamak üçin agaçlaryñ ýa-da beýik binalaryñ asmanyñ öñüni tutmaz ýaly, ýokarrakdan bir ýer saýlap, emeli ýagtylandyrma çeşmelerini azaltmaly. Üç gezek doly aýyñ ýa-da täze aýyñ Ýere bolan iñ ýakyn nokadynda bolup gabat gelşi 2024-nji ýylda munuñ ýaly hadysalaryñ dördüsi bolup geçdi. 2025-nji ýylda olaryñ üçüsine garaşylýar: Aw Aýy (7-nji oktýabr), Samyr Aýy (5-nji noýabr) we Sowuk Aý (4-nji dekabr).

Bu täsin atlar Täze yklymyñ ýerli medeniýetlerinden gelip çykyp, tebigatda bolup geçýän zatlary şöhlelendirýär we aý döwürlerini wagty kesgitlemek üçin ulanylýar.

Bu hadysa haçan-da dolan aý wagty hemramyz Ýeriñ orbitasyna iñ ýakyn nokadynda bolan wagty bolup geçýär. Munuñ netijesinde asmanda Aý adaty dolan aý wagtyndakydan takmynan 30 % uly we 15 % aýdyñ görünýär. Bu hadysany görmek üçin aýdyñ asmanyñ bolmagy zerur. Ony ýönekeý göz bilen görüp bolar, emma gowusy teleskop ýa-da dürbi ulansañyz bolar. Eger-de foto surat etmek isleseñiz, ýagtylyk täsirini ulanmañ. Gowusy telefonyñyzda gije işleýiş düzgünini ulanyñ.

Demirgazyk şapaklary****

Geçen ýyl asmanda demirgazyk şapagy bir ýa-da iki gezek bolmady. Ol adaty aýdyñ öwüsýän ýagtylyk esas ýaly görünip, onuñ reñk öwüşgini gyzyldan benewşä, ýaşyldan göge çenli üýtgäp bilýär.

Demirgazyk şapaklar Ýeriñ atmosferasynda magnit polýuslar sebitlerinde güýçlendirilen gün bölekleriniñ gazlar bilen çaknaşmagynyñ netijesinde emele gelýär. Iñ aýdyñ şapaklar Günüñ agramyñ koronal zyñyndylary diýlip atlandyrylýan bölekleriniñ uly bulutlaryny çykarýan wagtynda emele gelýär. Günüñ işjeñliginiñ 11 ýyllyk aýlawy öz ýokary derejesine ýetmegi sebäpli ýakyn 12 aýyñ dowamynda şapaklara has ýygydan syn edip bolar. Munuñ ýaly islendik hadysalary synlamak üçin iñ gowy şerti aýdyñ asman bolup durýar. Şonuñ üçin hem 2025-nji ýylyñ bize hem köpräk bulutsyz günleri, hem-de köpräk aýdyñ gijeleri sowgat berjekdigine ynanýarys.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: