Iň täze habarlar

Microsoft Emeli Aň tehnologiýaly Maglumatlary taýýarlamak merkezlerine 80 mlrd $ maýa goýum eder

04.01.2025 | 12:10 |
 Microsoft Emeli Aň tehnologiýaly Maglumatlary taýýarlamak merkezlerine 80 mlrd $ maýa goýum eder

Microsoft 2025-nji maliýe ýylynyň dowamynda Emeli Aň tehnologiýaly Maglumatlary taýýarlamak merkezlerine 80 mlrd $ maýa goýmak isleýändigi barada habar berdi. Bu barada Microsoft kompaniýasynyň prezidenti Bred Smit belledi.

Bu maýa goýumlar Emeli Aň modelleriniň okadylmagy we ösdürilmegi üçin zerur bolan infrastrukturanyň döredilmegine gönükdirilendir. Bu hem 2022-nji ýylda ChatGPT tehnologiýasynyň işledilmegi bilen ýüze çykan emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň birbada ösmegi bilen has döwrebap boldy.

Bred Smit kompaniýanyň OpenAI we beýleki startaplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy barada belledi. Bu bolsa kompaniýa tehnologik ýaryşynyň öňdebaryjylygynda galmaga mümkinçilik berýär.

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Microsoft eýýäm infrastruktura niýetlenen çykdajylaryny 5,3 % artdyrdy, bu hem kompaniýanyň bazarda öz orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny görkezýär. Bu maýa goýumlar Microsoft kompaniýasyna Windows we Team ýaly öz bulutlaýyn çözgütlerine we gollanmalaryna emeli aňy ornaşdyrmaga ýardam berer. Bu bolsa olary Emeli aň tehnologiýalaryna gyzyklanmanyň artýan şertlerinde has bäsdeşlige ukyply eder.

ORIENT news

Foto: meratech.by

Şeýle hem okaň: