2025-nji ýylda çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi
04.01.2025 | 11:50 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Permana gol çekdi.
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistan döwletiniň başlangyjy bilen öňe sürlüp, Milletler Bileleşiginiň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny durmuşa geçirmek, häzirki zaman Türkmenistanyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini bellemek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň ygtybarly we möhüm hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli derwaýys halkara forumlaryny, maslahatlary, duşuşyklary, dabaraly çäreleri guramak maksady bilen degişli Resminama gol çekildi.
ORIENT news