PETRONAS: “Baýramçylyk arzuwy” atly durmuş ugurly maksatnamasy — hereketde
30.12.2024 | 13:30 |Şu ýylda “PETRONAS” kompaniýasy özüniň 50 ýyllygyny belleýär we beýlekileri “Ösüşe ygrarly” bolmaga ruhlandyrmak bilen öz ýoluny dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” (PÇ (T) SB) Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Ismadi Bin Ismail Türkmenistanyň ýaşaýjylaryndan biriniň arzuwyny amala aşyrmak üçin durmuş ugurly maksatnamanyň işe girizilendigini habar berdi.
“Baýramçylyk arzuwy” maksatnamasynyň maksady ilatyň arasyndan hakyky we üýtgeşik arzuwy saýlamak hem-de durmuşda ösüş gazanmak üçin adama dürli ýollar bilen goldaw bermekdir. Bu başlangyç, işewirligiň durmuş jogapkärçiligi ýörelgesini öz içine alýan we kompaniýanyň ýerli jemgyýetleri ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýän zehinli we maksada okgunly türkmenistanlylary goldamaga gönükdirilendir.
Yglan edilenden soň “PÇ (T) SB” topary derrew herekete geçip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda şeýle hem Aşgabatda jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen duşuşdy. Degişli talaplara laýyklyk gelýän köp sanly arzalaryň arasyndan topar olaryň birnäçesini saýlady we “PETRONAS” kompaniýasynyň baş ofisinde toparyň tassyklamagy üçin tabşyrdy. Netijede, iki ýüztutma öňe sürüldi: Allanazar Myradowyň arzuwy – “Gizlin sesleri güýçlendirmek” we Artykmuhammet Artykowyň arzuwy – “Aýdym-saz arkaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak”.
Görüşi boýunça maýyp bolan Allanazar, Türkmenbaşy şäherindäki Körler we kerler jemgyýetiniň müdiridir, bu gurama köp ýyllap ýolbaşçylyk edip grlýär. Onuň arzuwy, bu jemgyýetiň maýyp agzalary üçin boş wagtlary guramak, ýagny aýdym aýtmak we eserlerini ýazga geçirmek üçin mümkinçilikleri döretmek. Bu maksatlar üçin, jemgyýetiň çäginde ýörite otag – “studiýa” gurnady herm-de zerur kompýuter we ýazgy enjamlaryny satyn almak üçin haýyşt bilen Maksatnamanyň çäginde “PÇ (T) SB” kompaniýasyna ýüz tutdy.
Görüşi boýunça maýyp bolan Artykmuhammet çagalykdan aýdym-saza uly höwesi bardy, akkordeon çalmagy, soňra ritm bloky (sintezator) çalmagy öwrendi. Ol obadaşlary we sebitiň ýaşaýjylary tarapyndan dürli çärelere işjeň çagyrylýar we bu ýerde milli sazlary hem-de aýdymlary ýerine ýetirýärdi. Gynansagam, professional saz gurallaryny öz hasabyna satyn almaga mümkinçiliginiň ýoklygy sebäpli, şu wagta çenli köp çakylygy ret etmäge mejbur boldy. Onuň arzuwy – öz zehinini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, kompozisiýalary ýerine ýetirmäge we dostlaryňyzyň hem-de tanyşlarynyň dürli dabaralarynda atmosfera döretmäge mümkinçilige eýe bolmakdyr. Arzuwyny amala aşyrmak üçin “PÇ (T) SB” kompaniýasyna-da ýüzlendi.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, 30-njy dekabrda Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Ismadi Bin Ysmaýylyň ýolbaşçylygyndaky “PÇ (T) SB” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bäsleşigiň ýeňijilerini ofislerine çagyrdy we şeýle arzuw eden sowgatlaryny gowşurdy.
Jenap Ismadi Bin Ysmaýyl, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň, özara kömekleriň we ýagşy işleriň ähmiýetini belläp, “PÇ (T) SB” kompaniýasynyň Türkmenistanda adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga özüniň goşandyny goşmaga ymtylýandygyny aýtdy. Allanazar we Artykmuhammet kompaniýanyň durmuş ugurly taslamalary üçin minnetdarlyk bildirdiler we mundan beýläk-de üstünlik arzuw edip, kompaniýanyň ýubileýi bilen gutladylar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.
ORIENT