Türkmenistanda onkologiýanyň geljegi: gurulýan Merkez täze mümkinçilikleri açar
26.12.2024 | 07:40 |Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda gurluşygy dowam etýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine baryp gördi.
Ol ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Merkeziň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň nusgalary bilen tanyşdy, onuň şekil taslamalaryny we çyzgylaryny gözden geçirdi şeýle-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedowyň we iň iri lukmançylyk merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy Nurmuhammet Amannepesowyň gatnaşmagyndan iş maslahatyny geçirdi, şeýle hem ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniňgurluşygy, Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagyndaky iň iri taslamalarynyň biridir. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we onkologiýa pudagynda sebitde öňdebaryjy bolmak üçin döredilen bu häzirki zaman lukmançylyk toplumy, rak keselini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar.
Lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin Merkez dünýäniň öňdebaryjy klinikalary we ylmy-kliniki merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýar. Çagyrylan bilermenler ýokary hünärli lukmanlary taýýarlarlar, çylşyrymly kliniki ýagdaýlar barada maslahat bererler we bilelikdäki ylmy-barlaglara gatnaşarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen hyzmatdaşlyk hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň Merkeze häzirki zaman ýadro lukmançylygy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga we radioaktiw maddalar bilen işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini nygatdy.
Merkeziň açylmagy köp meseleleri has netijeli çözmäge mümkinçilik döreder. Şol sanda: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin rak keselini ýokary hilli bejermekde elýeterliligini ýokarlandyrmak; irki anyklaýyş we täsirli bejergi arkaly rak keselinden ölümi azaltmak; bejerginiň we dikeldiş işleriniň iň täze usullaryny ulanmak arkaly rak keselli adamlaryň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak; ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşar.
Şeýle hem bu Merkez, onkologiýa pudagynda düýpli we amaly gözlegleri geçirmek üçin ylmy meýdança öwrüler, bu diňe bir rak keselini anyklamak we bejermek üçin täze usullary işläp düzmek bilen çäklenmän, eýsem içerki dermanlar serişdelerini hem döretmäge mümkinçilik berer.
Döwrebap enjamlar we ýokary derejeli lukmançylyk kömegi Türkmenistanda lukmançylyk syýahatçylygynyň ösmegine goşant goşjak beýleki ýurtlardan gelen hassalary özüne çeker. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkär adamlara sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp Merkezde seljeriş bölümini döretmegi, şeýle hem ähli pudaklarda şonuň ýaly bölümleri açmagy tabşyrdy.
Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy, ilatyň saglyk ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly göwrümli taslama. Bu toplum milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde täze tapgyra öwrüler.
ORIENT