Serebral ysmazlygy bolan çagalaryñ bejerilşi: Türkmenistanda nähili häzirki zaman usullar ulanylýar
26.12.2024 | 13:15 |Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenip, sebitde ýeke-täk ilkinji saglygy goraýyş edarasy bolup durýar. Merkeze gelýän çagalara häzirki wagtda gatnawly şertlerde toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi 10 günden 20 güne çenli ýerine ýetirilýär. «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalynda berilen maglumata görä, merkezde laborator we funksional anyklaýyş barlaglary hem geçirilýär.
Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze, ýokary tehnologiýaly enjamlaryndan ýörite sagaldyş-dikeldiş maksatly toplumy bolan Şweýsariýanyň «HOСOMA» öndürijisiniň «Lokomat Pro 6 PE» enjamy çaga beýni ysmazly çagalarda we beýleki daýanç-hereket ediş ulgamynyň nogsanlyklarynda ýöremek endigini öwretmäge we gaýtadan dikeltmäge niýetlenendir. Bu enjam çagalarda lokomotor bejergini amala aşyrmakda hereket dikeldişiniň döwrüni gysgaldýan, dünýäniň ýüzünde ilkinji hatarda durýan toplumlaryň biridir. Bu toplumyň ýurdumyza getirilen ilkinji nusgadygyny, bejerginiň şeýle görnüşiniň hem ilkinji gezek geçirilip başlandygyny bellemek zerurdyr.
Dünýäniň ýüzünde ilkinji lokomotor bejergini robotyň üsti bilen ylgaw ýodasynda ýerine ýetirýän «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamy giň hereket endigini kemala getirmek we dikeltmek maksatly toplum bolup, aşaky ahyrlarynyň hereket işjeňligi bütinleý bozulan çaga beýni ysmazly (ÇBY) näsaglarda bejerginiň netijeliligini mese-mälim ýokarlandyrýar.
Çaga ilkinji gezek enjama dakylanda herekete gatnaşýan süňkleriň uzynlygy, myşsalaryň güýji, bogunlardaky hereketiň derejesi ölçenilip, başlangyç ýagdaýda enjamyň sanly ulgamly kompýuteriniň ýadyna girizilýär we ýadynda saklanýar. Bejergi tapgyrynyň ahyrynda çaganyň hereket mümkinçilikleriniň görkezijileri ölçenilýär we ilkibaşdaky görkezijiler bilen deňeşdirilýär. Indiki bejergi tapgyrynyň başynda barlagda ýüze çykarylan görkezijiler iň soňky netijeler bilen deňeşdirilýär we şoňa baglylykda gönükmeler bellenilýär.
«LOKOMAT Pro 6 PE» enjamynda bejerginiň dowamlylygy we wagty çaganyň keseliniň agyrlyk derejesine, kliniki we instrumental barlaglaryň netijelerine baglydyr. Çaganyň indiki gaýtadan bejergilerinde toplumda ýerine ýetirilýän hereketler boýunça has ýokarlandyrylan gönükmeler bellenilip, çaganyň hereket işjeňliginiň has ýokary netijesi alynýar. Toplumlaýyn bejerginiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemler goşulan hammamlardaky bejergi bilen utgaşdyrylmagy has hem ýokary netijeleri berýär. Düzüminde gowşadyjy, ýumşadyjy, rahatlandyryjy täsirli maddalary bolan derman ösümlikli hammamlarda, şeýle hem deňiz duzy bilen garylan ösümlikli hammamlarda bu mese-mälim görünýär.
ÇBY-ly näsaglarda innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly alnyp barylmagy merkezi nerw ulgamynyň impulslary kabul etmek ukybyny janlandyrýar. Çagalaryň ýöremeklige bolan höwesini ýokarlandyrýan bejerginiň bu usulynyň öz artykmaçlyklary bar, enjamyň ÇBY-ly çagalarda ýöremek endigini kemala getirmek we gaýtadan dikeltmek mümkinçiligi aşaky ahyrlardan merkezi nerw ulgamyna barýan impulslar arkaly döreýär, ýagny enjam gaýdymly biologiki baglanyşykly aragatnaşyk hadysasyny üpjün edýär. Bu hadysanyň yzygiderli gaýtalanyp durmagy, çaganyň beýnisinde hereket endigine jogap berýän böleginiň işine itergi berýär.
Melhemli hammamlary ÇBY-ly näsaglarda ulanmaklygyň aýratynlygy bejerginiň bu görnüşiniň öý şertlerinde hem geçirip bolýanlygydyr. Bellenen gönükmelerden soň melhem suwly hammamy kabul etmekligi lukmanlar sosial töwerekleýin reabilitasiýanyň çäklerinde ene-atalara dowam etmekligi öwredýärler. Dermanlyk ösümlikler bilen baýlaşdyrylan deňiz duzlaryna şol ösümlikleriň ýagy hem goşulýar. Şeýlelikde, bejerginiň bu usuly ÇBY-da, köplenç, duş gelýän myşsalaryň dartgynlygyny, spastikasyny peseltmäge ýardam berýär.
Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ÇBY-ly näsaglarda hereket bozulmalaryň göwrümini öwrenmek, merkezi nerw ulgamynyň funksional ýagdaýyny kesgitlemek, innowasion tehnologiýalary ulanmagyň usulyny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary we ýerli tebigy serişdeleri utgaşykly ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda işler alnyp barylýar.
Merkezde «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamy we ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly bejerilýän çagalar toparynda ybarat barlag we dürli sebäplere görä adaty bejergi alýan çagalardan ybarat deňeşdirme toparynda ýöriteleşdirilen sorag-jogap kartasy boýunça maglumatlaryň, kliniki instrumental barlaglaryň, Barteliň şkalasynyň netijelerini göz öňünde tutup, derňew geçiriler.
Şeýlelikde, Merkez ÇBY-ly çagalaryň dikeldiş bejergisinde innowasion tehnologiýalar bilen ýerli tebigy serişdeleri utgaşykly ulanmagyň ähmiýetliligini açyp görkezmegi maksat edinýär.
ORIENT news