Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi, nah galyndylary, şeýle hem nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

25.12.2024 | 09:25 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi, nah galyndylary, şeýle hem nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

24-nji dekabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden olar nah galyndylaryny, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 7 342 000 manada we 46 640 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: