Iň täze habarlar

"Türkmengaz” Döwlet konserni material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

26.12.2024 | 10:31 |
 "Türkmengaz” Döwlet konserni material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni zerurlyklary üçin material we tehniki seişdelerini satyn almak boýunça açyk bäsleşigini yglan edýär:

Lot № 1 – turbalar we metal önümleri;

Lot № 2 – ýanyjy we ýaglaýjy materiallar.

Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça aşakdakylar teklip edilýär:

  • Gatnaşyjynyň doly adynyň, onuň hukuk derejesiniň, hasaba alnan ýurduň we hasaplaşyk hasaplarynyň görkezilmegi bilen ýazmaça arzalary tabşyrmak (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da olarda bank hasaplaryna eýe bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);

  • “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmek düzgünlerinden” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmak;

  • Lotlaryň görnüşleriniň sanawyny (spesifikasiýa), şertnamanyň tehniki talaparyny we esasy şertlerini almak;

  • Bäsleşige mugt esasda gatnaşmak üçin bir lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollar möçberinde ýa-da manat ekwiwalentinde (goşmaça gymmada bolan salgydy we bank çykdajylaryny hasaba alman) serişdeleriň tölegine hasap almaly.

Bäsleşik barada ähli gerekli maglumatlary http://www.turkmengaz.gov.tm we http://www.oilgas.gov.tm saýtlaryndan ýükläp alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça tanyşyp bolýar.
Elektron poçtanyň salgysy: info.turkmengaz.gov.tm; odum.turkmengaz.gov.tm

Maglumat üçin telefon belgileri: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Bäsleşik teklipleri 05.02.2025 senesi ýerli wagt boýunça sagat 15:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. Doly bäsleşik teklibini öz içine alýan, mastika möhüri bilen tassyklanan bir sany ýapylan bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra garama kabul edilýär. Bäsleşik bukjasyna anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” görnüşinde) we tehniki-ykdysady görnüşleriniň sanawy - spesifikasiýasy (“Excel” görnüşinde) hökmany ýagdaýda goýulmaly.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: