Taryhda ilkinji gezek GDA we BMG hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejede bilelikdäki çäresi geçiriler
24.12.2024 | 11:02 |Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde guraljak ýokary derejede bilelikdäki çäresi geçiriler. Bu barada “Howar” Täjigistanyň Milli habarlar agentligi belleýär.
Bu waka 2025-nji ýylda Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäginde meýilleşdirildi. GDA bilen BMG-niň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem GDA-nyň halkara arenada oňaýly abraýyny ösdürmek çäräniň esasy maksady bolup durýar.
Çäräniň dowamynda halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Bu bolsa GDA gatnaşyjy-döwletlere ählumumy meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, iki guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu waka köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda we goşulyşmakda möhüm ädim bolar. GDA-nyň başlygy hökmünde Täjigistan gatnaşyjy-döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda özara gatnaşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary işjeň ösdürmegi maksat edinýär.
ORIENT news