Iň täze habarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary täze kitaplar bilen tanyşdydylar

26.12.2024 | 12:45 |
 Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary täze kitaplar bilen tanyşdydylar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sungatyň ylym gözbaşy” ady bilen konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary R.Amangeldiýewiň “Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy”, M. Gapurowyň “Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler”, S. Nuryýewanyň “Fortepianoüçin eserleriň ýygyndysy”, H. Muhammetgulyýewiň “ Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy”, M. Gurbanowyň we L. Nasyrowanyň bilelikde ýazan “Gitara” kitaby, S.Tüýliýewiň “Теория туркменской музыки”, Ýe.Osipowa we R. Muhammedowyň bilelikde ýazan “Türkmen sazynyň teoriýasy” kitaplaryň awtorlary gysgaça tanyşdyryş dabarasy geçirdiler.

Talyplar özlerini täze kitaplar boýunça gyzyklandyrýan soraglary awtorlar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdiler. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täze kitaplary talyp ýaşlara uly gollanma bolup hyzmat eder.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: