Iň täze habarlar

Maýýa Sandu resmi ýagdaýda Moldowa Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişdi

25.12.2024 | 10:02 |
 Maýýa Sandu resmi ýagdaýda Moldowa Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişdi

Maýýa Sandu resmi ýagdada kasam edip, Moldowanyň prezidenti wezipesine girişdi. Bu bolsa onuň şu ýylyň noýabrynda geçirilen ählumumy saýlawlarynda gaýtadan saýlanmagyndan soň ikinji möhletidir.

Wezipä girişmek dabarasy Kişinýow şäherindäki Respublika köşgünde geçirilip, 500-den gowrak myhmany ýygnady. Olaryň arasynda deputatlar, hökümet agzalary we belent mertebeli myhmanlar bar.

Sandu öz çykyşynda razy bolup, doly kararlylygy bilen prezidentlik mandatyny kabul edýändigi barada aýdyp, ozalky dört ýyl synaglardan doludygyny, şol sanda ykdysady çökgünlik we serhetdäki uruş barada belledi. Beren goldawlary we agzybirligi üçin Moldowa halkyna öz minnetdarlygyny bildirip, Sandu ýewropa goşulyşmagynyň ýurduň esasy taslamasy bolup durýandygy barada aýtdy.

“Ýewropa goşulyşmak – bu howpsuzlygymyza we abadançylygymyza eltýän ýoldur” – diýip, Sandu belledi. Şeýle hem, ol Moldowanyň Ýewropa Bileleşigine girmäge çalyşmalydygyny hem-de parahatçylyga we gülläp ösüşe tarap ýoluny dowam etmelidigini belledi.

“Hereket we raýdaşlyk” partiýasyna wekilçilik edýän Sandu şu ýylyň 3-nji noýabrynda geçirilen Moldowanyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Ol 55,35 % saýlawçylaryň sesini gazanmagy başardy.

ORIENT news

Foto: inbusiness.kz

Şeýle hem okaň: