Iň täze habarlar

Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen bitewi ulag operatoryny döreder

25.12.2024 | 16:12 |
 Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen bitewi ulag operatoryny döreder

Gazagystan Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Russiýa we Türkmenistan bilen bitewi operatory döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Mažilisiniň metbugat gullugy habar berdi.

50 göterime çenli arzanladyş tarifiniň we beýleki çäreleriň amala aşyrylmagy ýol geçelgesiniň gündelik geçiriş ukybyny 23-den 33-e çenli, ýük daşamalaryň möçberini bolsa ýylda 20 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylda Gazagystanda Beýneu bilen Sekseulyň arasyndaky 736 kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyna badalga berler. Munuň özi Aktau we Kuryk portlaryna we Türkmenistana çenli aralygy 900 kilometr gysgaldar.

Demirgazyk – Günorta – bu Russiýany Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagy bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgesidir. Ol demir, awtomobil we deňiz ýollaryny özünde jemlemek bilen Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ýükleriň netijeli geçirilmegini üpjün edýär.

ORIENT news

Foto: css.trainspo.com

Şeýle hem okaň: