Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde startap-platformalary dörediler

04.12.2024 | 11:15 |
 Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde startap-platformalary dörediler

Şu ýylyň 29-njy noýabryndan 10-njy dekabryna çenli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 31 wekili startap-platformalary (işewür-inkubatorlary) döretmek boýunça okuwlary geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Okuw Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde ýerleşen Türkmen-hindi innowasion tehnologiýalar merkezinde geçirilýär.

Şeýle-de, bu okuwlar startap-platformalary üçin işgärleri taýýarlamak, ýaş startapçylara öz innowasion taslamalaryny amala aşyrmakda ýardam berjek halypalaryň okadylmagyna gönükdirilen.

Gatnaşyjylar startapy işletmegiň aýratynlyklary, startaplar üçin netijeli marketing strategiýasyny işläp düzmek, şeýle hem startaplary durmuşa geçirmegiň monitoringini sanlylaşdyrmak işi bilen tanyşarlar.

Şeýle hem, bu okuwlar işewür kompaniýalarynda degişli iş başarnyklaryny edinmek üçin gatnaşyjylaryň tejribe üstünde çekilmegini göz öňünde tutýar.

Çuňlaşdyrylan bilim ýudruň ýokary okuw mekdeplerinde innowasion çemeleşmeleriň üstünlikli ornaşdyrylmagyna we bu işi täjirleşdirmek arkaly ýokary okuw mekdepleriniň işiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: