Sýuançžou VMF-2024-de dünýä media ägirtlerini garşylaýar
03.12.2024 | 09:58 |Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň gündogar kenarýakasynda ýerleşýän Sýuançžou şäherinde 12-nji Ählumumy wideo media-forumy açyldy (VMF-2024).
Bu Forum Fuszýan welaýatynyň we Sýuançžou şäheriniň müdirýeti bilen bilelikde Hytaýyň China Media Gorup media korporasiýasy hem-de Hytaýyň CGTN halkara täzelikler teleýaýlymy tarapyndan guraldy. Çäre dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini ýygnady. Olaryň arasynda – Reuters, Associated Press habarlar agentlikleri, Guramanyň Baş sekretary Ahmed Nadimiň ýolbaşçylygyndaky Aziýa-Ýuwaş umman ýaýlyma beriş bileleşiginiň wekiliýeti, Afrikanyň ýaýlyma beriş bileleşigi, Arap döwletleriň ýaýlyma beriş bileleşigi, Merkezi Aziýanyň, Latyn Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri.
Düzüminde “Media Turkmen” habarlar agentliginiň (ORIENT.TM saýty) wekili bolan türkmen wekiliýeti hem media senagatynyň möhüm çäresine gatnaşýar.
Forumy Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz ediş bölüminiň müdiri Li Şuleý açdy.
Forumyň çäklerinde bölümçe maslahatlaşmalary geçirilip, olaryň esasy mowzuklarynyň biri emeli aňyň media täsir edişi barada bolar. Bu mowzuk Enex Group ýaly tehnologiýa kompaniýasy, Octopus Newsroom, CMG Digital, Europe Exchange we beýleki programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlaýjylary tarapyndan şöhlelendiriler.
Forumyň çäklerinde media aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk boýunça “Ählumumy Günorta” başlangyjy öňe sürüler, hyzmatdaşlyk barada birnäçe ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçiriler.
“Media Turkmen” habarlar agentligi Hytaýyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. 2019-njy ýylda China Daily we CCTV+ media senagatynyň ägirtleri bilen hyzmatdaşlyk, maglumat alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.
Hytaýyň wekilleri, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky kommunikasiýa ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin “Media Turkmen” habarlar agentligine ýokary baha berdiler.
ORIENT news