Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
03.12.2024 | 17:00 |2-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
“Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdyrlar” – diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Diplomatik gullugyň habaryna görä söhbetdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyndan habaryndan görnüşi ýaly taraplaryň ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşandyklary we sebitleýin formatda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşandyklary aýdylýar.
ORIENT