Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 25 geleşik hasaba alyndy

02.12.2024 | 10:00 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 25 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 25 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna “Türkmengaz” Döwlet konserniniň tehnologiýa desgalarynda işlenilen tehniki kükürdi we suwaldylan gazy satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” DK-niň öndüren azkükürtli ýangyç gara nebtini, ýagtylandyryjy nebtini, suwaldylan gazy hem-de karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna el iş halylary, nah ýüplükleri we portlandsement satyldy. Satyn alyjy-ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan. Söwdalaşyklaryň umumy bahasy 47 mln 469 müň amerikan dollardan gowrak.

Içerki bazara türkmen işewürleri “Türkmennebit” DK-niň öndüren polipropilenini we baza ýagyny, şeýle hem float kagyz aýnasyny, portlandsementi, gaplama örtügi, nah ýüplügi satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň umumy bahasy 15 mln 362 müň manatdan gowrak we 222 müň 870 amerikan dollara barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: