Iň täze habarlar

Dubaý şokolady BAE-niñ täze tanalýan ýüzüne öwrüldi

30.11.2024 | 12:55 |
 Dubaý şokolady BAE-niñ täze tanalýan ýüzüne öwrüldi

Syýahatçylyk operatorlary BAE-da dynç alýan syýahatçylaryñ dubaý şokoladyna bolan barha artýan gyzyklanmasyny belleýärler. Dubaý şokolady diýip ýakyn wagtda peýda bolan Gündogar süýjüligine diýilýär. Bu bolsa pisse we künji pastasyndan, pahlawa üçin kadaif hamyryndan ybarat kibirdäp duran goýy huruşly süýtli şokolad.

2023-nji ýylda meşhur Russiýa blogeri dubaý şokolad baradaky ýazgyny Internet torunda ýerleşdirenden soñ, bu süýjülige bolan gyzyklanma has-da artdy. Soñky birnäçe aýyñ dowamynda Dubaýa barýan syýahatçylar bu süýjüligi nireden alyp bolýandygy bilen gyzyklanýarlar. Emma hakyky dubaý şokoladyny Dubaýdan diñe onlaýn görnüşinde, belli günlerde we sagatlarda alyp bolýanekeni. Bu bolsa añsat iş däldir.

"Bu şokolad belli wagta çäklendirilen tapgyrda satylýar, bu sebäpli her bir syýahatçy munuñ bilen meşgullanmak islemez. BAE-niñ söwda merkezlerinde onuñ köpsanly meñzeş görnüşleri bar. Şeýle-de bolsa, bu Dubaýdan getiriljek ajaýyp sowgatlyk bolar, ýöne ony ykjam ýagdaýda geçirmeli - huruşy ýumşak bolan soñ, şokolad bölünip bilýär" - diýip, şokolad söýüjileri belleýärler.

"Pisse bilen şokoladyñ garylmagy hakykatdan hem, tagamlydyr. Emma bu Gündogar süýjüliklerinde täzeçilik däl. Şeýle-de bolsa dubaý şokoladyny ýaýbañlandyrmak işine Dubaýyñ mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammed Al Maktumy çekdiler, onuñ üçin brend üýtgeşik huruşly gaýtalanmajak şokolady taýýarlady. Bu täze görnüş satuwa çykarylmady. Dubaý şokolady hakykatdan hem, meşhurlyk gazanýar. Syýahatçylar uçuşdan öñ eýýäm şokolady nireden alyp bolýandygy bilen gyzyklanýarlar" - diýip, syýahatçylyk operatorlary belleýärler.

Ähli bilermenler munuñ ýaly "ajaýyplyklaryñ" döremeginiñ, şeýle-de Burj-Halifa ýa-da Dubai Miracle Garden gül bagy ýaly "ajaýyplyklaryñ" Dubaýa barmak üçin goşmaça sebäp bolýandygyny we daşary ýurt syýahatçylar akymynyñ ösmegine täsir edýändigini belleýärler diýip, ratanews.ru habar berýär.

Foto: ratanews.ru

Şeýle hem okaň: