Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş topary döredildi
03.12.2024 | 13:45 |Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi.
Hukuk maglumatlar resmi portalynda neşir edilen degişli resminama laýyklykda, toparyň düzümi hem tassyklandy.
Şeýlelikde, iş toparynyň düzümine bäş adam girdi: topara ýolbaşçylyk etjek wise-premýer Witaliý Sawelýew, RF-iň ulag ministri Roman Starowoýt, RF-iň Prezidentiniň geňeşçisi Igor Lewitin, “Russiýa Demir ýollarynyň” baş direktory Oleg Belozýorow hem-de Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew dagylar girdi. Dmitriý Zwerew iş toparyň jogapkär sekretary hökmünde bellendi.
Öz Permany bilen Wladimir Putin Witaliý Sawelýewi “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada RF-iň Prezidentiniň ýörite wekili hökmünde belledi.
“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Sankt-Peterburgdan Mumbai çenli uzynlygy 7,2 müň km barabar bolan multimodal ugry bolup durýar hem-de demirýol, deňiz we derýa ulagynyň işledilmegini göz öňünde tutýar.
2030-njy ýyla çenli halkara ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň 40 mln tonnadan gowrak bolmagyna garaşylýar.
ORIENT news