Made in Türkiye: Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi başlandy
04.12.2024 | 19:35 |Şu gün, 4-nji dekabrda Aşgabatda Türkiÿäniň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi açyldy.
Bu çärä Türkiýeden ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýa we assosiasiýa gatnaşýar.
Sergi sarp ediş harytlary, gurluşyk materiallary, oba hojalyk önümleri, parfýumeriýa we azyk önümleri ýaly köp sanly önümi görkezýär.
Bu çäräniň esasy maksady, önümlerini Türkmenistan bazarynda hödürläp we täze işewürlik hyzmatdaşlygyny gurmaklary üçin türk kompaniýalaryna meýdançany döretmekden ybaratdyr.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär we 6-njy dekabra çenli myhmanlar üçin açyk bolar. Her bir adam hödürlenýän önümler we hyzmatlar bilen tanşyp biler, şeýle hem sergä gatnaşyjylar bilen aragatnaşygy ýola goýul bilerler.
ORIENT news