Iň täze habarlar

ÝHHG Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmek işi boýunça tejribe alyşmaga ýardam edýär

07.11.2024 | 17:40 |
 ÝHHG Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmek işi boýunça tejribe alyşmaga ýardam edýär

Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan seminar geçirilip, onda Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmek işiniň üstünlikli geçirilmeginiň strategiýalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 6-7-nji noýabrda geçirilen çäre ÝHHG-ä gatnaşyjy dürli ýurtlarynyň wekillerini jemledi, olar bu möhüm tapgyra taýýarlanmakda iň gowy tejribelerini paýlaşdylar.

Halkara bilermenler BSG-ä girmek, şol sanda nyrhyň emele gelmek we milli serişdelere gözegçilik etmek gurallaryna ýurtlaryň gatnaşmagy baradaky gepleşikleriniň çäklerinde ulanylýan strategiýalary hödürlediler. Şeýle-de ählumumy söwda ulgamyna goşulyşmak işinde aýratyn pudaklaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen çäreler barada maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ykdysady-ekologiýa bölüminiň müdiri Oliwera Zurowak-Kuzman ykdysady özara baglanyşygy, söwda, ulag we gümrük işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça Merkeziň Türkmenistanyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. BSG-ä girmek işiniň çäklerinde Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär.

Seminar Mejlisiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag we kommunikasiýa agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem beýleki pudaklaýyn edaralarynyň we guramalarynyň wekillerini ýygnady.

ORIENT news

Foto: ÝHHG

Şeýle hem okaň: