ÝTÖB tarapyndan guralan tegelek stolda “Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport işini ösdürmegi” barada maslahatlaşyldy
07.11.2024 | 18:45 |7-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) “Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport işini ösdürmegi” mowzuk boýunça tegelek stoly geçirdi.
Çäre “Eksport mekdebi-2024” taslamasynyň çäklerinde geçirilip, işewür toparynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň wekillerini ýygnady.
Tegelek stoluň dowamynda “Eksport mekdebi” maksatnamasynyň uçurymlarynyň tanyşdyrylyşlary, şeýle hem Türkmenistanyň eksport mümkinçilik meselesi babatda pikir alyşmalar we maslahatlaşmalar geçirildi. Hünärmenler daşary söwdanyň esasy sebit ugurlary hem-de halkara bazarlarda türkmen kompaniýalary üçin mümkinçilikler barada maslahataşdylar.
Türkmenistanda ÝTÖB-yň wekiliýetiniň başlygy Erik Liwni tanyşdyrylyş bilen çykyş edip, daşary söwda boýunça häzirki we geljekdäki tendensiýalary baradaky maslahatlaşmalara gatnaşdy.
Çäre Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen geçirildi.
ORIENT news