Iň täze habarlar

ABŞ-da geçirilen saýlawlardan soň Donald Trampyň media kompaniýasynyň paýnamalary 62% ýokarlandy

06.11.2024 | 15:25 |
 ABŞ-da geçirilen saýlawlardan soň Donald Trampyň media kompaniýasynyň paýnamalary 62% ýokarlandy

6-njy noýabrda, çarşenbe güni, NASDAQ biržasynyň premarketinde geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda Truth Social sosial ulgamyny dolandyrýan Trump Media & Technology Group kompaniýasynyň paýnamalarynyň nyrhlary 62,02 %, bir kagyz üçin 54,99 $ çenli ýokarlandy.

ABŞ-da prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä paýnamalaryň gözegçilik bukjalarynyň Donald Trampa degişli bolan media holdingiň paýnamalary birden ýokary galdylar.

ABŞ-da 60-njy prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçirildi. ABŞ-nyň öňki prezidenti, Respublikan partiýasynyň wekili, işewür adam Donald Tramp hem-de Demokratik partiýasyndan wekil, ýurduň häzirki wise-prezidenti Kamala Harris ýurtda baş wezipe üçin göreşdiler.

Amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna laýyklykda, saýlawçylaryň 270 sesini alyp, Donald Tramp Kamala Harrisden öňe çykmagy başardy.

ORIENT news

Foto: investopedia.com

Şeýle hem okaň: