Türkmenistan we Meksika syýasy geňeşmeleri mehanizmini işe girizýärler: Aşgabat özüne çagyrdy
25.10.2024 | 23:10 |24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Çärä iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Geňeşmeleriň dowamynda Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem, medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýratyn nygtadylar nygtadylar. Mundan başga-da ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Indiki syýasy geňeşmeleri 2025-nji ýylda ýylda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.