DAI Global LLC ofis esbaplaryny we hyzmatlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär
24.10.2024 | 16:14 |DAI Global LLC kompaniýanyň amal zerurlyklaryny üpjün etmek üçin ofis esbaplary we hyzmatlar üpjünçiligi boýunça tendere gatnaşmak üçin tejribeli üpjün edijileri çagyrýar. Tendere ýuridiki taýdan resmileşdirilen we ygtyýarlandyrylan guramalar, kärhanlar we şirketler gatnaşyp biler. Üpjün edijilere ýokary hilli harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin hödürnama-haýyşnamany (RFQ) bermek teklip edilýär.
Haýyşnamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti – 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça sagat 17:00 çenli. Bellenen möhletden soň gelen haýyşnamalara garalmaýar we taslamanyň ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilmeýär.
Haýyşnamalar TCA_procurement@dai.com elektron salgysy boýunça ugradylmaly. Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgi boýunça ýüz tutmaly: +99312 468247/49
Tender barada goşmaça maglumat bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz.