OGT-2024: Aşgabat nebitgaz pudagynyň dünýä liderleriniň üns merkezinde
23.10.2024 | 14:30 |Şu gün, 23-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär.
Oňa 200-den gowrak milli we halkara kompaniýalary gatnaşyp, olaryň arasynda Dragon oil, CNPC, Petronas, Tatneft, Yug-Neftegaz, Slb, Gateway Ventures, International INC, Eni, William Johnson, S&P Platt’s, Shree Altima, Rönesans we başgalar bar.
Maslahat bilen bilelikde geçirilýän OGT Expo sergisi ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudagynyň iň gowy gazananlaryny hödürläp, olar pudagyň döwrebäp ösüş tendensiýalaryna laýyklykda täze pikirler we hyzmatlar bilen üsti dolunan.
Maslahata we sergä Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen bir hatarda halkara nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de iri halkara maliýe institutlarynyň ýokary ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar.
Türkmenistanyň baý serişde mümkinçiligi “OGT-2024” Maslahatynyň üns merkezindedir. Biziň ýurdumyz Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjylarynyň biri bolup, dünýäde tassyklanan tebigy gaz gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra dördünji ýerde durandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşinde esasy orny “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri eýeleýär.
“Türkmengazyň” ýurduň ykdysadyýetiniň binýady bolan tebigy gazyň gözleg, gazyp alyş we eksport işleri bilen meşgullanýandygyny bellemek möhümdir. Konsern täze gaz ýataklaryny işjeň ösdürýär, infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar hem-de milli we halkara taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň ornuny has-da berkidýär.
Sergi 25-nji oktýabra çenli (şol güni hasaba almak bilen) öz işini dowam eder.
ORIENT news