Iň täze habarlar

Türkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýär

18.04.2024 | 23:38 |
 Türkmenbaşydan ugran parom Astrahanyň portuna pomidorlary getirip, peýnirler bilen gaýdyp gelýär

Türkmenistanda ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry «Demirgazyk – Günorta» halakara ulag geçelgesi boýunça gönüden-göni deňiz ulagy arkaly Russiýanyň Olýa goýberiş nokadyna getirildi. Munuň özi Türkmenbaşy portundan ýük bölümlerinde ter pomidorlar bolan tirkegli 40 sany ulag ýüklenen ilkinji parom gatnawydyr. Çalt zaýalanýan harytlary daşamak üçin zerur temperaturaly ýörite konteýnerler ulanyldy diýip, Astrahanyň KHBS-y penşenbe güni habar berdi.

800 tonna pomidor ýüki Russiýa türkmen telekeçileri tarapyndan eksport edildi. Indi Hazaryň üstünden geçen tagamly gök önümler russiýalaryň saçagyny bezär.

Russiýanyň şäherlerine haryt ibermek üçin Astrahanyň gümrük gullugynyň Olýa deňiz portunyň gümrük nokadyna 80-den gowrak üstaşyr geçiş beýannamasy gowşuryldy. Nokadyň işgärleri awtoulaglaryň ulag gözegçiligini hem amala aşyrdylar: resminamalaryň talabalaýyklygyny we möhürleriň abatlygyny barladylar, şeýle hem üstaşyr geçiş beýannamalaryny mümkin boldugyça çalt resmileşdirdiler.

«Bagtyýar» paromy Türkmenistana 42 sany ýük awtoulagyna ýüklenen 800 tonna belarus peýniri, Russiýanyň süýt önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen ugrady.

Parom gatnawynyň işe girizilmegi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyryp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda üçin täze mümkinçilikleri açýar.

ORIENT news

Foto: astrakhan-news.net

Şeýle hem okaň: