Igor Runow: Türkmenistan ulag diplomatiýasynda öňdebaryjy boldy
28.02.2024 | 03:54 |Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Duşuşykdan soň Igor Borisowiç ORIENT-iň soraglaryna hoşniýetlilik bilen jogap bermäge razy boldy.
- Igor Borisowiç, Siz nobatdaky gezek Türkmenistanda bolýarsyňyz. Bu gezekki saparyňyzyň maksady näme?
-Saparyň maksady örän aýdyň – ol, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan - üç ýurduň arasynda gatnaşyjy ýurtlary ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi barada köptaraplaýyn resminama derejesine çykarmak mümkinçiligi bilen ilkinji üçtaraplaýyn Ylalaşygy taýýarlamak baradaky resminama gol çekmek pikirini ara alyp maslahatlaşmakdyr.
Bu, Bütindünýä gümrük guramasynyň örän möhüm guralydyr, eger durmuşa geçirilse, ilki Pamirdan (Kulýab şäheri) Türkmenbaşa, deňziň üsti bilen Eýrana ýa-da Kawkazdan Türkiýä çenli amala aşyrylar diýip umyt edýäris. Bu taslama, Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr potensialyndan has netijeli peýdalanyp, ýük akymlarynyň adaty ugurlaryny doldurmaga kömek eder.
Ýewropada Aziýadan iň gysga ýol şu wagt gaty ýetmezçilik edýär. Bu ýol ýük daşamagyň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrar, täze iş ýerlerini döreder, ulag we logistika infrastrukturasyna maýa goýumlaryny çeker, Türkmenistanyň dünýä söwdasyndaky ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrar we ş.m.
- Meniň pikirimçe, bu taslamanyň ähmiýeti, oňa gatnaşýan ýurtlaryň deňze çykmak üçin goşmaça mümkinçilikleri almagy sebäpli artýar.
-Elbetde! Aslynda bu hakykatdanam uly ýetmezçilikdir, eger artykmaçlyga öwrülmese, soň bu pikiri durmuşa geçirmek üçin itergi bolup biler... Biz bu babatda Täjigistany, Özbegistany we Gyrgyzystany bilýäris... Merkezi Aziýa barada aýtsak - dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk 50 töweregi ýurtlar bar. Bu döwletleriň dünýä söwdasyndaky paýy bary-ýogy 1%-e deňdir! Bu barada, şu günler Abu-Dabide deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýan BSG-niň nobatdaky ministrler maslahatynda aýdyldy.
Emma beýle ýagdaýlarda hereketsiz bolmaly däldir. Kömek soramak hem hökman däldir, bu ugurda çözgüt tapmakda täsirli işiň gowy nusgasyny görkezip Türkmenistan ýaly hereket etmeli.
- Türkmenistan barada aýdanyňyzda: ýurduň ulag pudagynda öňe süren başlangyçlary nähili derejede möhüm bolup durýar?
-Türkmenistan bu döwürde Birleşen Milletler Guramasynda ulag meseleleri babatda öňdebaryjy boldy. Ýadyma düşýär, soňky on ýylda bu ugurda güýçli öňe gidişlige şaýat bolduk. Däp bolşy ýaly, ulag meselesine iki sebit komissiýasy seredýärdi: Ýewropa ykdysady komissiýasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy. Olar Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň köpüsiniň goýumlardyr.
Emma biziň döwrümizde dünýädäki ýagdaý şeýle çalt ösýär we üýtgeýär, köp ulag meselesi has çalt çözülmeli bolýar. Ünsümi (häzirki Türkmenistanyň tagallalary netijesinde bolup geçişi ýaly) BMG-na gönükdirmek, ulag meselelerine diňe bir Ýewropa ýa-da sebit nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem, global nukdaýnazardan seretmäge mümkinçilik berdi.
Ulag ulgamyny hakykatdan hem ählumumy meseleleriň hatarynda ýerleşdirip, köp zada başgaça seredip bolýar. Ulag we logistika ulgamynyň ösüşi, bir tarapdan dünýä ykdysadyýetinde ýokary orun tutýar, beýleki tarapdan, biziň döwrümizde bar bolan meseleleri we töwekgelçilikleri has gowy ýüze çykarýar.
- Mundan başga-da, oňat işleýän ulag we logistika ulgamy ykdysady çökgünlik bilen baglanyşykly ýaramaz netijeleri azaldyp biler. Bu, ilkinji nobatda, harytlary eltmegiň tizligi we şonuň üçin bahanyň arzanlamagy, ilata we kärhanalara pul dolanyşygyny höweslendirýän, maliýe pudagyny janlandyrýan has köp haryt satyn almaga mümkinçilik berýär.
-Elbetde dogry. Häzirki wagtda “globallaşma” sözi gaty oňyn ösüş almasa-da, bar bolan meselelere garamazdan integrasiýa prosesleri obýektiw dowam edýär. Globallaşma prosesi, aýlawlydygyna garamazdan bir ýerde durmaz. Hemişe ýokarda bolmak mümkin däl, aşak düşmek hem bolup durýar. Ýöne global üýtgedip gurmak amala aşyrylanda adamzadyň birnäçe ýyldan kadaly ösüşe gaýdyp geljekdigine ynanýaryn. Ol maglumat tehnologiýasy bilen baglanyşykly we gözümiziň öňünde amala aşyrylýar. Emma maglumat tupanynyň merkezinde bolanymyzda-da, muny elmydama duýmaýarys. Bolýan zatlaryň hakykatyna düşünmek üçin köplenç hyýalymyz ýetmezçilik edýär. Sanly ynkylap durmuşymyza ägirt uly üýtgeşmeler getirýär.
- Hakykatdanam, hyýaly (fantastiki) taýdan ösýän IT tehnologiýalarynyň kömegi bilen düýpgöter başga dünýä girýäris.
-Şübhesiz, ösüp barýan dünýä mynasyp ýagdaýda gireris ýa-da taryhyň gyrasynda galarys. Emeli intellektiň mümkinçiliklerine seretseň, şeýle hyýallary oýlap tapyp bolar...
- Igor Borisowiç, Siziň öňe sürýän täze taslamaňyz öňki bar bolanlar bilen bäsdeşlige garşy durup bilermi?
-Bilýäňizmi, biz bar bolan ulag taslamalary bilen gapma-garşylyga girmeýäris, biz täze derejä çykmagy teklip edýäris. Biziň taslamamyz derrew makullanmady, “TIR EPD hem bar” (halkara ýol ulaglary kitapçalarynyň eýelerine dürli ýurtlaryň gümrük edaralaryna elektron maglumatlary mugt ibermäge mümkinçilik berýän programma) diýdiler. Biz bu TIR-ulgamyny 2000-nji ýyllarda ösdürip başladyk. Şondan bäri maglumat dünýäsinde hakyky ynkylap bolup geçdi. Ulagda blokçeýni (blockchain - iň täze tehnologiýalar) ulanylyp bilinjekdigine adamlary ynandyrmak aňsat däldi. Bu diňe bir gyzykly bolman, eýsem girdejilidir.
-Häzirki Türkmenistana eden saparyňyzda eýýäm näme edeniňizi bilmek isleýärin?
-Düýn, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi üçin Bütindünýä gümrük guramasynyň görkezmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça halkara tegelek stoluna dört sagatlap onlaýn görnüşde gatnaşdyk. Foruma dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň hünärmenleri goşuldy. Latyn Amerikasyndaky Amerikanara Ösüş Banky bilen Maýkrosoftyň (Microsoft-yň) bilelikdäki taslamasy baradaky hasabat gaty gyzykly boldy.
Umuman aýdanymyzda, häzirki zaman dünýäsinde toplanan şu güne çenli iň gowy tejribäni öwrenmegi dowam etdirýäris. Şeýle hem, ygtyýarly operatorlar barada seminarlar geçirýäris. Iki aý mundan ozal olaryň birini Bakuwda geçirdik we nobatdaky birini 17-nji aprelde Nýu-Ýorkda geçirmek isleýäris. Şeýle-de görkeziji memorandumlara gol çekmek üçin ähli tagallalary edýäris.
- Aşgabat şäherine amala aşyran saparyňyzdan kanagatlanýarsyňyzmy?
-Men razy. Hünärmenleriň düşünjelerini gördüm. Bu ýerde maňa ýaran zat, Türkmenistan elmydama öňdebaryjy bolmaga çalyşýar, şol sanda ulag syýasatyny durmuşa geçirmekde-de. Töwekgelçilikleriň bardygyna düşünýärin, ýöne aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda kim töwekgelçilik etmeýär...
-...Nakylda aýdylyşy ýaly, "Işlemedik dişlemez" diýleni. Igor Borisowiç, bu Siziň geljekki diplomatlaryň taýýarlanylýan Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen ilkinji duşuşygyňyz däl. Ulag diplomatiýasy, belli bolşy ýaly, ýurduň ýolbaşçylarynyň daşary syýasatynda hem aýratyn orun tutýar. Siziň pikiriňizçe, HGI-niň talyplary bilen bolan şu günki duşuşyk nähili geçdi?
-Meniň pikirimçe diýseň gyzykly boldy. Ýaşlaryň gowy taýýarlyklydygy we gyzyklanma bildirýändigi düşnüklidir. Olar meniň çykyşymdan soň gyzykly soraglary berdiler. Talyp ýaşlaryň gatnaşygy bilen, olaryň aýdylanlara nähili düşünýändiklerini gözlerinden aňyp bilersiňiz. Şeýle-de olaryň ünsüni özüne çekýän zat derrew göze ilýär.
Bu zatlaryň aňyrsynda tejribeli mugallymlar, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi we umuman ýurduň bilim ulgamy ýatyr. Ýöne men hem talyplaryň soraglaryna täze soraga itergi berjek derejede jogap bermäge synanyşdym. Talyplar hem şoňa görä gatnaşyk bildirdiler.
Siziň talyplaryňyzyň gowy, bilesigeliji gözleri bar. Olar akylly. Olara üstünlik ýar bolsun!
Bekdurdy AMANSARYÝEW