Iň täze habarlar

«Mercedes-Benz» dünýäniň iň gymmat awtomobil öndürijisi boldy

22.02.2024 | 15:39 |
 «Mercedes-Benz» dünýäniň iň gymmat awtomobil öndürijisi boldy

«Mercedes-Benz» elektromobil önümçiliginde öňdebaryjy «Tesla» kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat awtomobil öndürijisi boldy diýip, «Brand Finance» analitik agentligi habar berýär.

«Mercedes-Benz» haryt nyşanynyň bahasy 1% ýokarlanyp, 59,4 milliard dollara ýetdi. Geçen ýyl bu görkeziji boýunça öňdebaryjy bolan «Tesla» 2024-nji ýylda 12% arzanlap, 58,3 milliard dollara geldi.

«Brand Finance» agentliginiň hünärmenleriniň bellemegine görä, şu ýyl «Mercedes-Benz» haryt nyşanynyň üstünlik gazanmagynyň syry çykdajylara sowatly gözegçilik etmegi we önümleriniň görnüşlerini oýlanyşykly hödürlemegi bilen baglanyşyklydyr, bu bolsa öz gezeginde, girdejiniň ýokarlanmagyna goşant goşdy. Ýokary hilli ýolagçy awtoulaglarynyň hem-de ýük awtoulaglarynyň önümçiligine üns berilmegi önümçiligiň göwrüminiň artmagynda we girdejiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

«Brand Finance» agentliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça dolandyryjy direktory Aleks Heýiň bellemegine görä, awtoulag senagatynyň ünsüni elektromobillere gönükdirmegi bilen baglylykda, «Tesla» haryt nyşanynyň bahasynyň peselmegi hasam ynandyryjy görünýär.

Üçünji ýeri eýelän «Toyota» haryt nyşanynyň bahasy 52,7 milliard dollar möçberinde boldy.

ORIENT news

Foto: simplycars.ru

Şeýle hem okaň: