Iň täze habarlar

Özbegistan oktýabr aýynda altyn satuwynda dünýäde öňdebaryjy boldy

10.12.2023 | 00:34 |
 Özbegistan oktýabr aýynda altyn satuwynda dünýäde öňdebaryjy boldy

“World Gold Council” guramasynyň habaryna görä, Özbegistan oktýabr aýynda dünýäde iň köp altyn satyjy ýurt boldy.

Oktýabr aýynda merkezi banklar dünýädäki altyn ätiýaçlyklaryny 42 tonna artdyrdy. Bu sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 41% peselendigini görkezýär, ýöne 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky ortaça görkezijisinden 23% ýokarydyr.

Iň uly alyjy ýene-de Hytaýyň Halk Banky (23 tonna), ondan soň Türkiýäniň Merkezi Banky (19 tonna) we Polşanyň Milli Banky (3 tonna) boldy.

Özbegistan gymmat bahaly metallaryň iň köp satyjysy boldy – ýagny, 11 tonna. Ondan soň 2 tonna satan Gazagystan gelýär. “World Gold Council”-yň habaryna görä, olar köplenç gymmat bahaly metal satyn almak bilen satmagyň arasynda geçýärler, bu içerki bazarda altyn satyn alýan banklarda-da seýrek däl.

Oktýabr aýynda dünýäde altyn satuwynda birinji orny eýelän Özbegistan ätiýaçlyklaryny 339 tonna çenli azaltdy, diýip, gazeta.uz ýazýar.

Neşir şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna salgylanýar, Oktýabr aýynda Özbegistan 1,23 milliard dollarlyk altyn eksport etdi we 10 aýyň dowamynda ol rekord derejede 6,87 milliard dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse köpdir.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Merkezi Banky 0,7 million troý unsiýasyny ýa-da 21,7 tonna altyn satdy.

ORIENT news

Foto: gazeta.uz

Şeýle hem okaň: