Iň täze habarlar

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy

09.12.2023 | 15:18 |
 Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.

Birža söwdalaşyklarynda daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli işewürlerden Ranforse 100 göterimli nah çig matasyny we arassalanan nah galyndylary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, "Türkmenýüpek" ÝGPJ-den çig ýüpegi we türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 11 635 345,26 manada we 7 483 600,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: