Iň täze habarlar

Özbegistanda Merkezi Aziýadaky iň uly ýel elektrik stansiýasy işe giriziler

07.12.2023 | 21:07 |
 Özbegistanda Merkezi Aziýadaky iň uly ýel elektrik stansiýasy işe giriziler

Özbegistanda Merkezi Aziýadaky iň uly ýel elektrik stansiýasy işe giriziler. Onuň gurluşygynyň çäklerindäki ilkiji turbina şu ýylyň iýun aýynda Nawoýi oblastynyň Tamdyn raýonynda ornaşdyryldy.

Bahasy 600 million dollar bolan ýel elektrik stansiýasy 293,35 gektar meýdanda ýerleşdiriler. Bu taslama “Masdar” arap kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Häzirki günde bu ýerde 22 ýel turbinalary ornaşdyryldy. Olaryň beýikligi 97 metr, perwanalarynyň her biriniň uzynlygy bolsa 77 metre deňdir.

Özbegistanyň energetika ministrliginiň habar bermegine görä, ýel elektrik stansiýasynyň ilkinji kuwwatlyklary eýýäm dekabr aýynda işe giriziler, 2025-nji ýylda bolsa stansiýa dolulygyna işläp başlar. Ýel elektrik stansiýasy ýylda 1,8 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürer, bu bolsa 500 müň hojalygy elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Bu taslama her ýylda 540 million metr kub tebigy gazy tygşytlamaga we 1,1 millon tonna zyýanly zyňyndylaryň öňüni almaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: