BMG Gyzyl deňizdäki taşlanan gämiden nebit çykarmak boýunça çylşyrymly işe girişdi
26.07.2023 | 00:31 |BMG mümkin, "dünýäniň iň iri haýal hereketli bombasyny" zyýansyzlandyrmak boýunça işe girişdi. Bu barada guramanyň Baş sekretary sişenbe güni Ýemeniň kenaryndaky Gyzyl deňizde FSO tankerinden million barrel nebitiň başga bir gämä geçirilmegi boýunça çylşyrymly deňiz halas ediş işleriniň başlanandygyny habar berdi.
António Guterresiň aýtmagyna görä, bu wezipäni ýerine ýetirmek isleýän we başarýan başga taraplaryň bolmazlygy sebäpli, BMG jogapkärçiligi öz üstüne aldy we bu çylşyrymly işi amal etmek kararyna geldi.
BMG-niň ýolbaşçysy: “Hemmeleriň we her kimiň gatnaşmagyny talap edýän bu işiň iki ýyl töweregi dowam eden syýasy işiň we pul ýygnamak, taslamany işläp düzmek boýunça tagallalaryň jemleýji tapgyry bolup durýar” – diýdi.
“Safer” nebit tankeri Gyzyl deňizde Ýemeniň günbatar kenarýakasynda ýerleşýär. Gämi 1974-nji ýylda guruldy we 1980-nji ýyllaryň ahyryndan bäri Ýemen hökümeti ony nebit ammary hökmünde ulanýar. 2015-nji ýylyň başyndan bäri Ýemen gapma-garşylyklara sezewar boldy we nebit tankeriniň abatlama işleri bilen hiç kim meşgullanmaýar. 2019-njy ýylda gäminiň hereketlendiriji bölümine deňiz suwy syzdy we gäminiň bütewiligi bozuldy. Gämide, takmynan 80 million dollarlyk 1,14 million barrel nebit bar.
Guterres: "Şu gün nebitiň bir gämiden beýlekä geçirilmegi boýunça başlanan iş ekologiki we gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak ugrundaky tagallalarda möhüm ädim bolar" - diýdi.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, gämi ýarylyp ýa-da dagap bilerdi, netijede deňze “Exxon Waldez” gämisindäki betbagtçylyk zerarly dökülen nebitiň möçberinden dört esse köp nebitiň dökülmegi mümkindi. 1989-njy ýylda Alýaskanyň kenaryndaky bu gämide ýüze çykan awariýa netijesinde deňizde 28 müň inedördül kilometre barabar nebit tegmili emele gelipdi.
Guterres FSO Safer tankerinde betbagtçylygyň ýüze çykan halatynda ýerli balykçylyk jemgyýetleriniň weýran boljakdygyny, ýüzlerçe müň iş ýerleriniň ýok boljakdygyny we ilatyň ölüm howply toksinlere sezewar boljakdygyny belledi. Şeýle ýagdaýda iri portlar näbelli möhlete ýapylmaga mejbur bolardy.
Millionlarça adama azyk, ýangyç we zerur harytlar bilen üpjünçilik kesilerdi. BMG-nyň Baş sekretary sözüni dowam etdirip: "Betbagtçylyk suwlar, merjen gaýalary, deňiz florasy we haýwanat dünýäsi üçin diýseň zyýanly netijelere getirerdi" – diýdi, - "Sues kanalyna çenli deňiz ýollarynda gämi gatnawlary birnäçe hepde togtadylardy".Diňe bir arassalaýyş işleri üçin çykdajylar onlarça milliard dollara barabar bolup bilerdi.
BMG bu möhüm işe iň çüýçli hünärmenleri çekdi, deňiz kanunlary, nebit dökülmegi we halas ediş işleri boýunça öňdebaryjy bilermenler toparyny, gämi gurluşygy boýunça inžener-mehanikleri, ätiýaçlandyryş dellallaryny we deňiz ätiýaçlandyryjylaryny, himikleri, gözlegçileri we beýleki hünärleriň wekillerini ýygnady.
Gysga möhletde FSO Safer tankerini arassalamagy we ýok etmegi hem-de Gyzyl deňze abanýan ekologiki howpy aradan aýyrmagy öz içine alýan taslamany tamamlamak üçin, takmynan 20 million dollar gerek bolar. BMG-nyň Baş sekretary donorlary bu tagallalary goldamaga çagyrdy.
"Häzirki wagtda alnyp barylýan iş hyzmatdaşlygyň, işjeň hereketiň, syýasy araçylygyň, ugurtapyjylygyň we daşky gurşawy dolandyrmagyň mysalydyr we bu ýagdaý ýene bir gezek Birleşen Milletler Guramasynyň we hyzmatdaşlarymyzyň çalşyp bolmajak ornuny tassyklaýar" – diýip, ol aýtdy.
ORIENT news