Türkmenistan Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürer
15.06.2023 | 15:53 |Türkmenistanyň we Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy barlaglar, şeýle hem tebigaty goramak bilen bagly milli kanunçylygy kämilleşdirmekde bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow şu gün – 15-nji iýunda “Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly ylmy-amaly maslahatynda mälim etdi.
Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki taslamanyň çäginde türkmenistanly hünärmenler üçin tejribelik-okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
“Şu ýyl Dubaý şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň her ýylda geçirilýän 28-nji maslahatynyň çäginde Türkmenistan degişli meselelerde anyk we gowy netijeler bilen gatnaşjakdygyna ynanýarys” diýip, Akmyradow belledi.
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işler barada aýdan Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi açyk çeşmede Türkmenistanyň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini tassyklaýan ylmy maglumatlaryň bardygyny aýtdy.
Daşky gurşaw barlaglar boýunça Potsdam institutynyň maglumatlaryna laýyklykda, metan gazlarynyň daşky gurşawa zyňylýan möçberiniň ýokarylygy boýunça Türkmenistan öňdäki 40 ýurduň hataryna hem girmeýär. Bu barlag instituty 1850-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli parnik gazlarynyň daşky gurşawa goýberilişi boýunça maglumatlary özünde jemleýär.
Mälim edilişine görä, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň resmi web-saýtynda mälim edilişine görä, 2010-njy ýylda Türkmenistanda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylarynyň möçberi 27 million tonna CO2 ekwiwalente deň boldy. Şol ýylky maglumatda, metan zyňyndysyny daşky gurşawa iň köp goýberýän ýurtlaryň hatarynda 40-njy orunda ýerleşen ýurduň metan zyňyndysy 48 million tonna CO2 ekwiwalente deň bolupdyr.
ORIENT news