Iň täze habarlar

Türkmen milli konserwatoriýasynda «Pagliacci» operasynyň ilkinji görkezilişi bolar

15.04.2024 | 10:46 |
 Türkmen milli konserwatoriýasynda «Pagliacci» operasynyň ilkinji görkezilişi bolar

18-nji aprelde Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Rudžero Leonkawallonyň «Pagliacci» (Паяцы) operasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

«Паяцы» - bu göçme sirkiň içindäki söýgi, gabanjaňlyk we ar-alyş drama hekaýasy.

Rollarda:

Kanio – Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew
Nedda – Jennet Mekanowa
Tonio – TMK-niň 2-nji ýyl talyby Döwlet Ýoldaşow
Beppo - TMK-niň 4-nji ýyl talyby Mansur Şaripow
Silwio - TMK-niň 4-nji ýyl talyby Aýnepes Kakaýew

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Haýdar Eminowyň ýolbaşçylygyndaky hory opera gaýtalanmajak öwüşgin çaýar.

Konsertmeýster: Jennet Ataýewa
Režissýorlar: Atajan berdiýew и Ýekaterina Darçiýa

Opera 18:00-da başlanar.

Giriş tölegsiz.

ORIENT news

Foto: mypalladium.org

Şeýle hem okaň: