Iň täze habarlar

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

20.05.2024 | 10:42 |
 Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahata Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygy, Gazagystanda işleýän ilçiler we baş konsullar, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän gazak alymlary, meşhur ýazyjylar, filologlar we filosoflar gatnaşdylar.

Maslahatyň myhmanlary öz çykyşlarynda giň halkara jemgyýetçiligini Magtymgulynyň täsin eseri bilen tanyşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny, munuň akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girizilen baý we bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Maslahatyň çäklerinde amaly-haşam, şekillendiriş we fotosurat sungatlarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem kitap tekjelerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleri, şol sanda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hödürlendi.

ORIENT news

Foto: kazakhstan.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: