Iň täze habarlar

Kazanda «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasy açyldy

20.05.2024 | 10:50 |
 Kazanda «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasy açyldy

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» forumynyň çäklerinde «Kazan» obasenagat parkynda «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasy açyldy. Bu barada «Tatar-inform» habarlar agentligi habar berýär.

Ýarmarkanyň işi 19-njy maýa çenli dowam eder. Bu ýerde rus we daşary ýurt öndürijilerinden azyk önümlerini, kosmetika serişdelerini, egin-eşikleri, esbaplary we öý goşlaryny satyn almak mümkindir.

«Kazan Halal Market» ýarmarkasynda Owganystandan, Gazagystandan, Päkistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýrandan we Şri-Lankadan 70 töweregi kompaniýa öz önümlerini hödürlediler.

Owganystanyň kompaniýalary guradylan miweleri we sowgatlyk önümleri, Gazagystanyň kompaniýalary konditer önümlerini, Gyrgyzystanyň kompaniýalary guradylan miweleri, Türkiýäniň kompaniýalary süýjülikleri, Eýranyň kompaniýalary alkogolsyz içgileri, Pakistanyň kompaniýalary tüwi, Azerbaýjanyň kompaniýalary miwe kompotlaryny, Şri-Lankanyň kompaniýalary çaý getirdiler.

Şeýle hem dürli tagamlar, şöhlat önümleri, konserwirlenen iýmitler, bal, miweler, dermanlyk ösümlikler we dürli mürepbeler hödürlendi.

Bu ýere gelýänler milli egin-eşikleri ýa-da namazlyklar, tebigy daşdan ýasalan tesbiler, ýadygärlik sowgatlary ýaly harytlary satyn alyp bilerler.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow çäräni açyp, Respublikada halal ýarmarkalaryň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigini we onuň gatnaşyjylaryna täze söwda aragatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredendigini aýtdy. Diňe Tatarystanyň özünde «Halal» standartyna laýyklykda azyk önümlerini öndürijileriň sany 100-den gowrakdyr.

ORIENT news

Foto: m.business-gazeta.ru

Şeýle hem okaň: