AT&T we AST SpaceMobile adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün ederler
21.05.2024 | 11:10 |AT&T öýjükli aragatnaşyk operatory hem-de AST SpaceMobile hemra aragatnaşygy operatory adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.
Munuň özi 2030-njy ýyla çenli niýetlenen uzakmöhletleýin täjirçilik hyzmatdaşlygynda göz öňünde tutuldy. Bu başlangyç ilki ABŞ-nyň çägini soňra bolsa, dünýäniň ähli ýurtlaryny gurşap alar.
Ilkinji 5 emeli hemra şu ýylyň tomus aýlarynda işe giriziler.
Täjirçilik ylalaşygyň çäklerinde AT&T ulgamynyň ýolbaşçysy Kris Sambar AST SpaceMobile hemra aragatnaşyk operatorynyň direktorlar geňeşinde orun alar. Kompaniýalar ilkibaşda ABŞ-nyň kontinental bölegi üçin niýetlenen hemra aragatnaşygyny synagdan geçirmek we mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk ederler.
AT&T hyzmatyň ýola goýuljak möhleti we bahasy barada entäk habar bermeýär.
SpaceX kompaniýasy T-Mobile bilen şuňa meňzeş ulgamy işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk edýärler.
ORIENT news