Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we dokma önümleri ýerlenildi

20.05.2024 | 10:20 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we dokma önümleri ýerlenildi

17-nji maýda, Anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we dokma önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “L-0,5-62” dizel ýangyjyny we az kükürtli ýangyç mazudyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýäniň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri türkmen kompaniýalaryndan aşgarlanmadyk flanel matany we nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginden el halylaryny satyn aldylar. Şeýle hem olar jinsi matany satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 9 701,95 manat we 42 879 000 dollar bolan ýedi geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: eüçhange.gov.tm

Şeýle hem okaň: