Iň täze habarlar

Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

20.05.2024 | 10:54 |
 Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek tebigy we organiki önümleriň «Organic EXPO Dubai 2024» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

«Organic EXPO Dubai 2024» 22 ýyl bäri Ýakyn Gündogarda lomaý we bölek söwda üçin öňdebaryjy meýdança bolup hyzmat edýär. Ol organiki we tebigy azyk önümlerini hem-de içgileri, kosmetika serişdelerini, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş maksatly önümleri iň gowy öndürijileri bir ýere jemleýär.

Sergä gatnaşmak isleýän kompaniýalar şu telefonlara ýüz tutup bilerler: +99312 21-23-75/64.

Has giňişleýin maglumat üçin çäräniň saýtyna girip bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: tstb.gov.tm

Şeýle hem okaň: