Iň täze habarlar

Türkiýäniň Söwda ministrligi Respublikada kompaniýa döretmegiň düzgünlerini çap etdi

20.05.2024 | 10:32 |
 Türkiýäniň Söwda ministrligi Respublikada kompaniýa döretmegiň düzgünlerini çap etdi

Daşary ýurtlaryň raýatlary Türkiýede ýeňillikli tertipde öz işewürligini açyp bilerler.

Türkiýede kompaniýa döretmegiň düzgünleri Respublikanyň Söwda ministrliginiň saýtynda alty dilde – türk, iňlis, rus, ispan, hytaý we arap dillerinde çap edildi. Ol şu salgyda elýeterlidir.

Bu gollanmada Türkiýede işewürligi ýöretmek isleýän telekeçiler üçin möhüm maglumatlar getirilýär. Hususan-da, Türkiýedäki kompaniýalaryň görnüşleri, kärhana döretmegiň tapgyrlary, hasaba almak üçin zerur resminamalar, söwda kompaniýalarynyň barlagy beýan edilýär.

ORIENT news

Foto: tverskaya13.ru

Şeýle hem okaň: