Ýaponiýada EKSPO-2025 sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli ylgamak boýunça ýaryşlar geçirildi
06.01.2025 | 15:09 |2025-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Osaka şäherinde EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli 10 kilometrlik ylgamak boýunça ýaryşlaryň ikisi geçirildi.
Çäre Osakanyň Ýeňil atletika boýunça birleşigi we serginiň geçiriljek ýeri bolan Ýumesima adasyndaky beýleki guramalar tarapyndan guraldy.
Irden birinji ýaryş geçirilip, oňa tutuş Ýaponiýadan 1600 adam gatnaşdy. “EKSPO-2025” Ýapon birleşiginiň başlygy Masumoto Masaýosi ýaryşlary açyk diýip yglan etdi.
Gatnaşýanlaryň arasynda Naradan 43 ýaşly wekili bolup, ol serginiň resmi nyşany bolan Mýaku-Mýaku geýiminde ylgady. Masumoto bilet satuwlarynyň haýal depgini barada hem-de ýurduň dürli welaýatlarynda sergä bolan gyzyklanmalaryň tapawutlylygy barada habar berdi.
Ikinji ýaryş günortan geçirildi.
2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde açylyp, 13-nji oktýabra çenli dowam etjek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisinde 160-dan gowrak ýurt innowasiýa we tehnologiýa babatda özüniň gazananlary bilen tanyşdyrar. Geçiriljek Bütindünýä sergisiniň baş mowzugy – “Ýaşaýymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek” diýlip atlandyrylýar.
ORIENT news