Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 25 geleşik baglaşyldy

06.01.2025 | 10:49 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 25 geleşik baglaşyldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwet haryt çig-mal biržasynda 25 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen suwaldylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna flanel matasy, tekiz reňklenen we žakkard ýumşak önümler ýerlenildi.

Satyn alyjy-ýurtlar: Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 2 mln 363 müňden gowrak amerikan dollara barabar boldy.

Içerki bazara türkmen işewürleri esas ýagyny, nebit galyndylaryny (nebit palçygy), nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem nah ýüplükleri, el iş halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 20 mln 11 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: