Iň täze habarlar

Polşa Ýewropa Bileleşiginiñ Geñeşinde başlyklyk etmekligini belledi

04.01.2025 | 12:57 |
 Polşa Ýewropa Bileleşiginiñ Geñeşinde başlyklyk etmekligini belledi

Polşa Ýewropa Bileleşiginiñ Geñeşinde (Ýewropa Geñeşi) alty aýlyk başlyklyk etmekliginiñ başlangyjyny Warşawanyñ Milli operasynda geçirilen dabaraly konsert bilen belledi. Çärä ýokary wezipeli myhmanlar, şol sanda Polşanyñ premýer-ministri Donald Tusk hem-de Ýewropa Geñeşiniñ prezidenti Antonio Koşta gatnaşdylar.

Başlyklygy Wengriýadan geçen Polşa ÝB-niñ howpsuzlygynyñ ýedi ugruna, şol sanda içerki we daşarky howpsuzlygyna, ykdysady we azyk howpsuzlygyna üns berer. Ýewropada öz ornuny berkitmäge hem-de halkara arenada öz bähbitlerini öñe sürmäge çalyşýan Polşa üçin bu başlyklyk etmeklik möhüm döwür bolar.

ORIENT news

Foto: polskieradio.pl

Şeýle hem okaň: